27-nji fewralda Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmen medeniýet merkeziniň we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy we Magtymguly Pyragy — türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany atly dabaraly çäre geçirildi.
Duşuşygyň başynda oňa gatnaşyjylar Nukus şäherindäki Garagalpagystan Respublikasynyň Döwlet taryhy we medeniýeti muzeýine aýlanyp gördiler. Berdak adyndaky Garakalpak döwlet akademiki-sazly teatrynyň girelgesinde guralan türkmen, gazak, koreý, ukrain we rus medeniýet merkezleriniň sergileri hem duşuşyga gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Soňra Berdak adyndaky Garakalpak döwlet akademiki sazly teatrynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy we Magtymguly Pyragy türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany atly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Oňa Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Geňeşiniň deputatlary, türkmen, garagalpak, özbek, gazak, koreý, ukrain we rus medeniýet merkezleriniň hem-de beýleki ministrlerdir pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Rejepbaý Kopalbekowiç Nurazizow giriş sözi bilen çykyş etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili öz çykyşynda türkmen-özbek dostlugynyň ebediligini nygtap, geçen 30 ýylyň dowamynda iki dostlukly halklaryň arasyndaky ähli ugurlardaky strategiki ösüşler, ýetilen özara bähbitli sepgitler barada belläp geçdi.
Wekil 2024-nji ýylda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýändigini mälim edip, Ilçihananyň wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna türkmen halky bilen bir hatarda özbek halky hem-de alymlary tarapyndan uly sarpa goýulýandygyny belledi.
Mundan başga-da çärede Özbegistanyň Daşary ýurtlar bilen halkara we dostluk gatnaşyklary komitetiniň wekili, Türkmen milli medeni merkeziniň başlygy, Garagalpagystan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkeziniň başlygy, Garagalpakstanyň edebiýaty gazetiniň baş redaktory, senator we Nukus döwlet pedagogika institutynyň milli ideologiýa we hukuk kafedrasynyň dosenti çykyş edip, soňky ýyllarda türkmen-özbek syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwerlik we beýleki gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygyny we özbek halkynyň bu gatnaşyklara tüýs ýürekden guwanýandygyny nygtap geçdiler.
Çykyşlar tamamlanandan soňra Berdak adyndaky Garakalpak döwlet akademiki sazly teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň, Alişer Nowaýynyň we Berdagyň goşgulary öz ene dillerinde ýerine ýetirildi. Soňra Garagalpagystanyň estrada bagşylarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen, özbek, garagalpak we beýleki birnäçe dillerdäki aýdymlara, şeýle hem milli tanslara giň orun berildi.