Noýwill öňe saýlandy

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 6-njy ýaryşy Portugaliýada geçirildi. 20 tapgyrdan ybarat 358,19 kilometrlik ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiji boldy.Ol 3 sagat 49 minut 46,6 sekuntda pellehanadan geçip, möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 8-nji ýeňşini gazandy. “M-Sport Ford” toparynyň sürüjileri britaniýaly Elfin Ewans bilen finlýandiýaly Teemu Suninen 23-nji orunlary paýlaşdylar.

Soňky 5 ýylyň çempiony Sebastian Ožie 5-nji tapgyrda awariýa uçrap, 21-nji orun bilen oňňut etmeli boldy.Utuk sanyny 119-a ýetirip, Ožieden 19 utuk öňe saýlanan Noýwill umumy sanawda 1-nji orna geçdi.

Möwsümiň indiki bäsleşigi 710-njy iýunda Italiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Çempion özüni dürsäp başlady
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
Birinji orna çykaran ýeňiş
Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Ožie öňe saýlandy
Möwsümiň ilkinji ýaryşy