Noýwill arany açýar

Dünýä Ralli çempionatynda ýylyň 7-nji bäsleşigi Italiýa Rallisinde “Hyundai Shell Mobis WRT” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiş gazandy.Ol 313,46 kilometr aralygy 3 sagat 29 minut 18,7 sekuntda geçip, şu ýylky 3-nji ýeňşini baýram etdi.

Bu onuň karýerasyndaky 9-njy ýeňşidir.Soňky 5 ýylyň çempiony, “M-Sport Ford WRT” toparynyň fransuz piloty Sebastian Ožie ýeňijiden 0,7 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Ýaryşda 3-nji orna “Toyota Gazoo Racing WRT” toparynyň fin piloty Esapekka Lappi mynasyp boldy.

Bu ýeňiş bilen utugyny 149-a ýetiren Noýwill arany açyp başlady. 2-nji hatardaky Ožie bilen Noýwilliň arasynda 27 utuk aratapawudy bar.Dünýä Ralli çempionatynyň nobatdaky ýaryşy 2629-njy iýun aralygynda Finlýandiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Garaşylmadyk sürüjileriň üstünligi
Çempionyň ýeňşi
Hamilton we Tanak arany açýar
Täze möwsüme badalga berildi
Birinji orna çykaran ýeňiş
Ožie 6-njy gezek ýeňiji boldy