Noýabrda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler

Noýabrda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler

Noýabr aýynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2022/2023-nji ýyllaryndaky möwsümine badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýew Нейтральный Туркменистан gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Milli çempionata toparlaryň 8-si gatnaşar. Olar Içeri işler ministrliginiň Galkan, şol Ministrligiň institutynyň Nesil, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Şir, Harby institutyň Watançy, Türkmengaz döwlet konserniniň Oguzhan, Döwlet serhet gullugynyň Merdana, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýa agentliginiň Alp Arslan hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlerine degişli sport mekdebiniň Bürgüt hokkeý toparlarydyr.

Çempionatyň duşuşyklary Aşgabatdaky Galkan we Gyşky sport toplumlarynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

IIHF guramasy Türkmenistanyň ýaş hokkeý toparlaryny sport esbaplary bilen üpjün etdi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär
"Talyp sport" Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi boldy
“Inçe Memed”
Hulusi Akar "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen bagly maglumat berdi