Nowruz täze günüň, täzelenişiň toýy

Nowruz  täze günüň, täzelenişiň toýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda türkmen halkymyzda asyrlar boýy däp bolup gelýän Halkara Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Türkmen nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Seýitnazar Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we başgalaryň şahyrana setirlerinde türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, hususan-da Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Tebigatyň oýanýanlygyny, topragyň janlanýanlygyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy täze möwsüme badalga berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Nowruz baýramçylygy Halkara derejesinde bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Nowruz ýaýlasynda toý desterhany giňden ýazylýar. Baýramçylyk güni adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary, süýji-süýji tagamlary hödür edýärler. Giňden ýazylan toý saçaklarynda esasan, däneli ösümliklerden nowruz köje, nowruz ýarma, çörek, semeni, petir, pişme, dograma, gatlama, palow ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we halkara derejesine eýe bolan, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy her ýylyň 21-22-nji martynda ähli halk bolup giňden bellenilýär. Şeýle hem bu baýram köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Nowruz täze günüň, täzelenişiň toýy atly baýramçylyk sergisi guraldy.Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler.

Sergide Döwlet muzeýiniň gaznalarynda goralyp saklanylýan türkmen tebigatynyň gözel baharyny, gül-gülälekli meýdanyny wasp edýän haly-pannolar, ussat suratkeşlerimiziň ýagny W.Maýkowskiniň Nowruz, ýaş suratkeş G.Ýazmuhammedowanyň Güller atly surat eserleri görkezilýär.

Mundan başga-da sergide muzeý gymmatlyklaryndan türkmen zenanlarynyň dakynan bezeg şaýlaryndan ganatly egme, adamlyk, şelpeli gülýaka, gursakça, heýkel, dört goşma bilezik şeýle hem çarçuwaly bezeg şaýlarymyz görkezildi.Serginiň dowamynda türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünärinden dörän, sünnälenip keşdelenen ýaşyl, sary, ak çyrpylar, sümmen tahýa, kirlik, çykyş tahýa, gülli jorap, el bukja, ak gaýma tahýaly el-işlerimiz özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Serginiň görnükli ýerinde türkmen halkymyzyň milliligini görkezýän Ak öýi emele getirýän böleginde türkmen zenanlarynyň degirmende un üweýän we Nowruz baýramynyň esasy milli tagamy bolan semenini taýýarlaýan pursatlaryny, bugdaý maýsalaryny, şeýle hem sazanda bagşylary emele getirýän kompozisiýany synlamak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen barar
BEÝIK AKYLDARLARYŇ PAÝHAS UMMANYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITAP
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Reňkleri dillendiren ussat
Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”