Nowruz geldi ilime

Nowruz geldi ilime

2024-nji ýyly Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.Dünýäniň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär.

Nowruz baýramy özüniň taryhyny birnäçe müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.Nowruzda topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny aňladyp, adamlary ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, agzybirlige çagyrýar.Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşinden, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwinden, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem-de muzeýiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz gününiň gelip çykyşy, bellenilişi barada täsirli we gyzykly gürrüňleri berdiler. Arkadag şäheriniň ilkinji Nowruzy ruhubelentlige utgaşyp, baýramyň dabarasynyň belentden tutulýandygy, maslahata gatnaşanlar uly joşgun bilen wasp etdiler. Dabara gatnaşan talyp ýaşlarda türkmeniň milliligine bolan buýsanjyna, geçmişimiziň taryhy mukaddesliklerine bolan guwanç has-da artdy.

Şeýle ajaýyp döwre ýetiren, baky bagta ataran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek Nowruz baýramy bellenilýär
Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşigi “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler
KALPLARDA ORUN TUTAN BAGŞY
HALYPA HORMATY BELENT
Aşgabatda türk wizasyny soranlaryň köpüsi wizasyz we pulsuz galdy, raýatlar protest bildirdi
Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 6-njy sentýabrda geçiriler