Her güni bagtly günlere sapyp, toýy toýlara utgaşýan eziz Diýarymyzda bu gün ýene uly baýramlaryň biri. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan bellenilen Milli Bahar baýramynyň esasy dabarasy gözel paýtagtymyzda geçirildi.
Taryhy eserlerde mukaddes derýalaryň biri hökmünde ýatlanylýan Jeýhunyň suwy lummurdaýan Garagum derýasynyň kenaryndaky ýaýbaň meýdança toý lybasyna bürendi.Bu ýerde milli däp-dessurlarymyzyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan nusgalyk sungat eserleriniň, hojalyk-durmuş serişdeleriniň sergisi guraldy.
Sungat ussatlary myhmanlary toý aýdym-sazlary bilen garşy aldylar.Dabara hormatly Prezidentimiziň Milli Bahar baýramy mynasybetli Gutlagynyň okalmagy bilen başlady.Soňra sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Gözbaşyny eždatlarymyzyň täze durmuşa başlan zamanasyndan ugur alýan bu baýram köne eýýamlarda “Ergenokon” güni ýa-da “Nowruz” güni ýaly dürlüçe atlandyrylypdyr.Bularyň ikisi hem erkinlige, ýazylganlyga, ýaz-bahara, täze güne ýetilendigini (geçilendigini) aňladypdyr.
Bu baýram asyrlaryň gadymy we täze döwründe, zeminiň ol ujunda we bu künjünde uludan bellenipdir.Bu nowruz täze gün, täzeleniş güni.Bu gün baharyň zeminiň süňňüne ornaýan güni. Ýazyň gelenine begenip, guş-gumrularyň joşgunly jürküldä eýlenýän güni.
Gök maýsalaryň topragy bahar eşigine büreýän güni.Zeminde ynsanlaryň şatlygyna şärik bolup, asmanda melekleriň begenýän güni.Bu günden soň tebigat, ähli barlyk jana-herekete girýär.Daragtlar pyntyklap, güller gunçalaýar.
Ekerançylykda we maldarçylykda gyzgalaňly möwsüm başlaýar.Bu günüň bereketi ýyl boýuna täsir edýär.Bu günde ygal sepelese, gowulyga ýorulýar.Bu günde gün ýalbyrap görünse-de, gowulyga ýorulýar. Çünki bu günüň özi ýylyň iň gowy günleriniň biri hasaplanýar.
Dowarlaryň sesi, guş-gumrularyň jürküldisi, çagalaryň gülküsi belentden ýaňlansa, göwünleriň şatlygy ýüze çykyp, ýüze nur, göze nur çaýylsa, bu bahar gelendiginiň alamaty.Bu tebigatyň bahar toýuny toýlaýan güni.
Gözelligiň gymmatyna, mukaddesligiň hormatyna düşünýän adam ata-baba asylly däpleri unutman saklaýar.Milli bahar baýramy türkmeniň müňýyllyklardan gözbaş alýan täze baýramydyr.Täze röwüşe, täsin öwüşgine beslenen bu baýram ýurt derejesinde uludan bellenilýär.
BMG tarapyndan halkara baýramy hökmünde yglan edilen bu baýram indi dünýä derejesinde hem bellenilýär.Döwürleriň özgerip, barha täzeçillige ymtylýandygyna, durmuşy ýeňilleşdirmek üçin dürli tehnikalaryň döredilýändigine garamazdan, gadymlardan gaýdýan jemgyýete bähbitli däp-dessurlar ýatdan çykarylmaýar.
Olar döwrebap ösüşiň mahmal begresine bürenip, has täzelenip, terlenip, barha kämilleşip, ýene-de ýaşamagyny dowam etdirýär.Ynsan begenen, şatlanan pursady ýüregi joşguna gaplanýar. Ýüregiň joşgunly wagty edilen dileg-dogalar, ýagşy arzuw-niýetler bolsa hökman hasyl berýär.
Milli bahar baýramy uludan bellenilýän toýlaryň biri.Ol adamlaryň ýüreginde söýgä, birek-birege bolan mähremlige, dost-doganlyga, arkadaşlyga bolan duýgyny güýçlendirýän baýramdyr.Nowruz günlerinde däbe öwrülip galan birnäçe yrym-ynançlar, urp-adatlar ýerine ýetirilipdir.
Bu ýagdaý şol günüň halk arasyndaky hormat-sarpasyny aýdyň görkezýär.Bu wagtda her kim özüniň toý lybasy bilen birek-birege myhmançylga barypdyr.Tagam-şor, duz-çörek hödür edilipdir.
Saçakda ýedi dürli bereketli tagam goýlupdyr.Hatda şu baýram gününde birek-birek bilen salamlaşmagyň we mähirli hal-ahwal soraşmagyň hem ýyl içinde ummasyz köp sogap we şatlyk getirýändigine ynanypdyrlar.
Nowruz gününde ir säherde ilki salamlaşan adamyň mähirli we gowy bolmagyny, tutuş ýylyň gowy gelmegine sebäp görüpdirler. Şeýdip, ulularyň görüm-göreldesi, däp-dessury, ýol-ýörelgesi nesillere terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edipdir.
Nowruz baýramy ulus ili bir saçagyň, bir ojagyň başyna jemläp bilýän baýram.Ata-baba dowam edýän bu adat agzybirligiň alamatydyr.Milli bahar baýramynda Nowruz günlerinde türkmeniň ähli milli däp-dessurlary ýerine ýetirilýär.
Otdan towusmak, hiňňildik uçmak, bir-biregi gutlamak däp bolup galandyr.Milli bahar baýramy ruhy terbiýäniň we ruhy gözelligiň baýramydyr.Tebigatyň älemlere ýaýan nowruz şatlygy döwrümiziň bereketi bilen garylyp, türkmeniň döwletli ykbalyna siňdi.
Ýürekleriňize baharyň mymyk şemaly, nowruz säheriniň serginligi, ýaňy açylan gülleriň terligi ýaýylyp, yhlasyňyza zamanamyzyň bereketi siňsin! Milli Bahar baýramyňyz - Nowruz baýramyňyz mübärek bolsun!