NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ TARYHYNDAN

Orta Aziýa, Kawkaz, Ýakyn Gündogar halklarynda müňýyllyklardan bäri bellenilýän gadymy baýramlaryň biri Nowruzdyr.Pars dilinden terjime edeniňde “Täze gün” diýen manyny berýän bu baýram türkmen halkynyň milli mirasyna, däbine-dessuryna siňen we döwlet derejesinde öz ornuny alan şanly seneleriň biridir.

Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde onuň taryhyny öwrenmek ýerliklidir.Nowruz baýramynyň taryhy Abu Reýhan Birunynyň (XI asyr), Abylkasym Ferdöwsiniň (XI asyr), Omar Haýýamyň (XI-XII asyr), Abdyrahman Jamynyň (XV asyr), Alyşir Nowaýynyň (XV asyr) we beýleki Gündogar akyldarlarynyň eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde, türkmen dessanlarynda, gyz-gelinleriň lälelerinde we monjugatdylarynda, nakyllarda we matallarda, halk yrymlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Gündogar halklarynda meşhur bolan Nowruz baýramynyň taryhy, däp-dessurlary, onuň bilen bagly rowaýatlary barada maglumat berýän gymmatly taryhy çeşme Abu Reýhan Birunynyň (973-1048 ý.ý.) “Öten nesillerden galan ýadygärlik” (Hronologiýa) atly ensiklopedik eseridir.

Biruny milady ýyl hasabynyň 1000-nji ýylynda bu kitaby ýazyp gutarypdyr.Biruny eseriniň gadymy halklaryň baýramçylyklaryna bagyşlanan babynda “Nowruz ýaşaýşyň başlangyjy we dünýäniň ýaradylan günüdir” diýip nygtapdyr.Biruny şeýle diýmek bilen, Nowruz gününde pelegiň aýlanmaga başlap, ähli jisimleriň, ýyldyzlaryň, Günüň ýaradylandygyny we herekete getirilendigini düşündiripdir.

Birunynyň ýaşan zamanasynda Nowruz baýramy ferwerdin aýynyň ilkinji güni, häzirki hasap boýunça 21-nji martda bellenipdir.Nowruz alty gün bellenipdir.Baýramçylygyň altynjy gününe “Uly Nowruz” ýa-da “Umytlar güni” diýipdirler.

Birunynyň ýazmagyna görä, Nowruz gününiň ir säheri iň bagtly, şowly pursatlar hasaplanypdyr. “Nowruz güni säher bilen ýeke agyz söz aýtman, ilki bilen üç çemçe ary bal iýseň ähli derdi-belaňdan dynýarmyşyň” diýip Birunynyň döwründe tebipler yrym edipdirler.

Nowruzyň häzirki wagta çenli saklanyp galan gadymy däpleriniň biri hiňňildik uçmakdyr.Biruny bu däbiň başlangyjynyň ady rowaýata öwrülen Jemşit şadan gözbaş alýandygyny aýdypdyr.Bir gün hökümdar Jemşit özi üçin araba ýasanypdyr.

Ol ilkinji gezek şol araba Nowruz güni münüpdir.Perişdeler ony bir salymyň içinde Dunbawend dagyndan Wawilona uçurypdyrlar. Şondan soň adamlar Nowruzda Jemşide öýkünip, hiňňildikde uçup başlapdyrlar.Birunynyň ýaşan döwründe Nowruz güni ýere suw sepmek we birek-birege sowgat etmek däbi bolupdyr.

Bu däbiň gelip çykyşy barada Biruny gyzykly maglumatlary galdyrypdyr.Birunynyň ildeşi Mahmyt Zamahşarynyň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabynda Nowruzda sowgat bermek däbine degişli şeýle waka beýan edilipdir: “Ibn Apbasdan: Nowruz näme üçin baýramçylyk edilip bellenýär diýip sorapdyrlar.

Onda ol: Sebäbi ol täze ýylyň baş güni, köne ýylyň hem iň soňky günüdir.Bu günde hökümdarlara geň-enaýy zatlary we sowgatlary hödürleýärler.Hökümdar daşardan gelýänlerden şeker-gant kabul edýär diýipdir.”

Birunynyň ýaşan döwründe (X-XI asyr) Nowruz baýramynyň bellenilýän günleri goşun baýramçylyk nyzamyna düzülipdir, olaryň ýazky gözden geçirilişi bolupdyr.Hökümdar baýramçylyk mynasybetli öz esgerlerini täze egin-eşik bilen sylaglapdyr.

Nowruz baýramynyň bellenilýän günleri köşkde uly dabaralar geçirilipdir.Köşgüň gapylary ähli gatlagyň wekilleri üçin giňden açylypdyr.Baýramyň ilkinji güni hökümdar ýönekeý halk köpçüligi üçin kabul edişlik gurapdyr. Ýörite meýdançada tagt oturdylypdyr.

Hökümdar halk köpçüligini özi bilen deň görüpdir, gepleşipdir, arz-şikaýatyny, arzuw-isleglerini diňläpdir we ýerine ýetiripdir. Öz nobatynda raýatlaram öz hökümdaryna baýramçylyk sowgatlaryny beripdirler.Baýramçylygyň galan günlerinde hökümdar han-begleriň, ruhanylaryň, dogan-garyndaşlarynyň, ogullarynyň arzuw-isleglerini mynasybyna görä berjaý edipdir.

Bazar meýdançasynda şahyrlar öz kasydalaryny okapdyr, aýdymçylar bolsa dürli saz gurallarda saz çalyp, aýdym aýdypdyrlar. Ýeri gelende bellesek, Gündogaryň görnükli alymy Abu Reýhan Biruny ýylda iki gezek dynç alypdyr. Şol dynç alynýan günleriň biri Nowruz baýramy bolupdyr.

XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň “Baharystan” atly eserinde Anuşirwan Adylyň döwründe Sasanylar köşgünde Nowruz baýramynyň dabaralanyşy barada şeýle maglumat berilýär: “Bir gezek Nowşirwan Nowruz gününde meýlis gurapdyr.

Birden Nowşirwan meýlisde oturan garyndaşlarynyň biriniň goltugynda altyn pyýalany gizlemekçi bolýanyny gördi.Patyşa ony görmediksirän boldy we hiç kime hiç zat aýtmady.Oturylyşyk ahyrlap, tamam bolanda sakçy: Goý, hiç kim daşary çykmasyn, bir altyn pyýala ýitdi, men ony tapmak isleýärin diýdi.

Nowşirwan oňa:

Goý diýdi. – Ony alan adam yzyna bermez, ony görenem onuň kimdigini aýtmaz.

… Birnäçe gün geçenden soň, şol adam Nowşirwanyň huzuryna gelipdir. Onuň egninde täze don, aýagynda hem täze ädik bar eken.

Nowşirwan onuň täze donuna ümläp:

Bu şondanmy? diýip sorady.

Ol adam donunyň etegini galdyryp, ädigini hem görkezdi-de:

Bu hem şondandyr! diýdi.

Nowşirwan güldi-de, onuň pyýalany garyplygyň we ýetmezçiligiň netijesinde ogurlandygyna düşündi we oňa müň mysgal (mysgal agramy 4,8 grama deň bolan ölçeg birligi) altyn bermek hakynda perman berdi.”

IX asyrda ýaşap geçen Musa ibn Isa al-Kysrawynyň “Kitab al-mahasin al-addad” kitabynda Nowruz baýramynda köşkde ýerine ýetirilen däpler barada gyzykly maglumatlar beýan edilipdir.Sözümiz gurak bolmaz ýaly şolaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!

Nowruz baýramynyň her güni ir säher bilen ak reňkli laçyn guşuny uçurypdyrlar.Günüň ilkinji şöhlesiniň görünmegi bilen hökümdara kümüş käsede süýt, hurma we täze peýnir hödürläpdirler.Nowruz gününi şol nygmatlar bilen başlamak şowlulyk hasaplanypdyr.

Nowruza ýigrimi bäş gün galanynda köşkde çig kerpiçlerden on iki sany sütün galdyrylypdyr.Ol sütünlerde bugdaý, arpa, bürünç, merjimek, noýba, dary, çowdary, nohut, künji, mekgejöwen, süle ýaly däneli ekinleri ekipdirler.

Däne ösüntgilerini ýygnamak Nowruz baýramynyň altynjy güni başlanypdyr we ol elmydama aýdym-saz, dürli oýunlar bilen utgaşdyrylypdyr. Ösümlikleriň haýsysy oňat ösüş berse, täze ýylda onuň hasyly gowy bolar diýip yrym edipdirler.

Hökümdar on iki sany däneli ekiniň içinden bugdaý bilen arpanyň ösüşine aýratyn ähmiýet beripdir.

Halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy bolan ýurdumyzda Nowruz baýramy giňden bellenilýär. 2008-nji ýyldan başlap, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen ýurdumyzda Nowruz baýramy iki günläp bellenilip, oňa “Milli bahar baýramy” diýlip at berildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen 2013-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanda Nowruz baýramy Halkara derejesinde bellenip geçildi we bu däp häzirki wagtda dowam etdirilýär. 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi Türkmenistan döwletinde, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilýän “Milli bahar baýramy” gutly bolsun!

Läle ALLABERDIÝEWA,

H. Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.

The post NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ TARYHYNDAN appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Milli bahar baýramy mynasybetli Gutlagyny beýan etdi
Aşgabatda Eýranyň gadymy Ýalda baýramy bellenildi
Tahti Sangin gadymy şäher harabaçylygynyň 2500 ýyllygy we Abu Reýhan Biruniniň 1050 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi