Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary halkara ähmiýetli Nowruz baýramyň şanyna ýörite çäreleri guradylar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assembleýasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan edipdi. Şeýle-de bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli Türk medeniýetiniň we mirasynyň Halkara Gaznasynyň binasynda geçirilen dabara gatnaşyp, onuň çäklerinde şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýörite stend gurady.
Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan Nowruz baýramy, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäre gurnady.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Yragyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Perunyň, Russiýanyň, Türkiýäniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilhanalary bilen bilelikde Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresini onlaýn görnüşinde geçirdi. Gurnaýjylar öz milli däpleri we Nowruz baýramyny bellemegiň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän gysga wideo rolikleri görkezdiler.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharest şäherindäki Eýranyň Ilçihanasy bilen bilelikde hem-de Dimitrie Gusti sebitiniň Milli muzeýiniň goldaw bermeginde Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly serginiň açylyşyny geçirdi.Sergä Rumyniýanyň Medeniýet ministri Bogdan Jorjiu hem gatnaşdy.
Muzeýde ýurtlaryň medeni mirasyna bagyşlanan milli serginiň geçirilmegi çäräniň bellärlikli wakalaryndan biri bolup, ol tomaşaçylar üçin wirtual görnüşinde hem elýeterli edildi.Türkmenistanyň Ilçihanasynyň stendinde ýurduň milli mirasy we ykdysady gazananlary bilen bagly maglumatlar ýerleşdirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Nowruz baýamçylygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Tatarystan Respublikasynyň türkmen milli-medeni awtonomiýasy türkmen talyplary bilen bilelikde hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky(Kazan ş.) Baş konsullygynyň goldaw bermeginde sergi gurnady. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, milli şaý-sepler, elde dokalan halylar we milli tagamlar görkezildi.
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “tegelek stol” gurnady. Çäre halklaryň arasynda dostlugyň nyşanasy hem bolan Nowruz baýramyna bagyşlandy. Oňa Awstriýadaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabaraly konserti geçirdi. Çärä Belarusda okaýan türkmen talyplary hem gatnaşdy.