Nowak: Türkiýedäki gaz merkezi boýunça çözgüt 2023-nji ýylda kabul ediler

Nowak: Türkiýedäki gaz merkezi boýunça çözgüt 2023-nji ýylda kabul ediler

Russiýanyň Gazprom Döwlet edarasy Türkiýe we bazaryň beýleki gatnaşyjylary bilen Respublikada gaz merkezini gurmak babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak ýurduň Rossiýa-24 teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, Trend ýazýar.

Nowak şeýle-de Türkiýedäki gaz merkezi babatda çözgüdiň 2023-nji ýylyň dowamynda kabul ediljekdigini habar berdi. Ol şunda bahalaryň bazar usuly arkaly kesgitlenjekdigini aýtdy.

Gürrüň nyrhyň bazar usuly arkaly döredilmegi ýerlikli boljak gaz merkezi barada barýar, ol golland ýa-da Angliýanyň söwda meýdançalaryndakydan tapawutly bolmalydyr, bize olarda köplenç nyrhyň nähili emele getirilýändigi, söwdalara işjeň gatnaşýan botlaryň nähili işleýändigi düşnüksiz bolup galýar. Şonuň netijesinde-de nyrhlar kähalatda obýektiz häsiýetde bolmaýar diýip, Nowak nygtady.

Russiýanyň Hökümet başlygynyň orunbasarynyň sözlerine görä, gürrüň bu ýerde diňe birža söwdalary üçin meýdança döretmek barada däl-de, eýsem, degişli infrastrukturany ösdürmek, günorta ugur boýunça tebigy gazyň daşalyşyny artdyrmak barada barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede Tebigy Gaz Merkeziniň 2024-nji Ýylda Açylmagyna Garaşylýar
Nowak: ýylyň ikinji ýarymynda energiýa serişdeleri gymmatlap biler
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Sputnigiň Redaktory Latwiýada Saklandy
Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar
Ýeriň orbitasyndaky kosmos zibiliň sany belli boldy