Nowak nobatdaky rekordy täzeledi

Nowak nobatdaky rekordy täzeledi

Dünýäniň ikinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç ýylyň soňky uly tuwulgasy US Openiň çärýek finalynda ýer eýesi Teýlor Fritsi ýeňlişe sezewar edip, ýarym finala adyny ýazdyrdy. 2 sagat 38 minut dowam eden oýun 6:1, 6:4, 6:4 hasabynda Jokowiçiň ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Nowak Jokowiç öz karýerasynda 47-nji gezek uly tuwulga ýaryşynyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazanyp, bu ugurda şweýsariýaly rowaýaty tennisçi Rojer Federerden öňe geçdi hem-de ýeke-täk rekordça öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl 13-nji gezek US Openiň ýarym finalynda korta çykjak serbiýaly tennisçi bu ýaryşyň 3 çempiony hasaplanýar. Onuň bu gezekki ýarym finaldaky garşydaşy dünýä sanawynyň 80-nji basgançagyny eýeläp duran amerikaly Ben Şelton bolar.

Ýene degişli makalalar

“Ýylyň adamy” üçin finalistler belli boldy
11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
Täze rekord goýdy
“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy
Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar
Sagdyn uzak ýaşlylyga päsgel berýän esasy ýaramaz endik agzaldy