Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar. Bu barada türgen özüniň Twitter sahypasynda habar berdi diýip, TASS belleýär.
Jokowiç Professional tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orny eýeleýär.Ol iýul aýynda yzygider üçünji gezek “Wimbledonyň” ýeňijisi bolup, “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 20-nji tituly gazandy. Şeýlelik bilen, bu görkeziji boýunça Rafael Nadal hem-de Rojer Federer bilen deňleşdi.
Ol dokuz gezek Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň, alty gezek “Wimbledonyň”, üç gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň we iki gezek Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy.Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda jemi 85 ýeňşi bar. Şeýle-de, Jokowiç 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysydyr. Öň, olimpiýa çempionlary ispaniýaly Rafael Nadalyň (ATP reýtinginde 3-nji belgi) we şweýsariýaly Rojer Federeriň (9), şeýle-de awstriýaly Dominik Timiň (6) we kanadaly Denis Şapowalowyň (10) Tokio gitmeýändigi belli boldy.
Zenanlaryň arasynda Sofiýa Kenin (Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde 4-nji orun), kanadaly Býanka Andreýesku (5), Belarusdan Wiktoriýa Azarenko (14), dört gezek olimpiýa çempiony amerikaly Serena Uilýams (16) çykyş etmez.