Serbiýaly türgen Nowak Jokowiç Fransiýanyň Açyk çempionatynda - "Roland Garros" tennis ýaryşynda ikinji gezek ýeňiji boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.
Häzirki wagtda dünýäniň ilkinji raketkasy hasaplanýan serb türgeni final duşuşygynda gresiýaly tennisçi Stefanos Sisipasy (5 ATP) ýeňdi.Jokowiç birinji setde 6:7 (6:8) hasabynda taý-breýkde ýeňildi, ikinjide hem - 2:6 hasabynda asgyn geldi, ýöne şondan soňra ol 6:3, 6:2, 6:4 hasaplar bilen üç ýeňiş gazandy.
Türgenleriň duşuşygy dört sagatdan gowrak dowam etdi.Mundan öň Jokowiç "Roland Garros"-da bir gezek - 2016-njy ýylda ýeňiji bolupdy.Umuman alanyňda, serb türgeni “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde 19 titulyň eýesi bolup durýar.