Maldarçylyk we ösümlikleri ýetişdirmek üçin niýetlenen dökünleri hem-de tebigy goşundylary öndürýän Nourivit kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy maldarçylygy ösdürmegiň netijeli bolmagy üçin peýdaly mikroorganizmler we bakteriýalar toplumyndan peýdalanmagy teklip edýär.
Nourivit kompaniýasynyň peýdaly bakteriýalar toplumy mallar we guşlar üçin iýmit goşundylary, gyşa ot-iýmleri taýýarlamak, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin öri meýdanlary gaýtadan işlemek, haýwanlaryň ýataklaryna ideg etmek üçin giňden ulanylýar, şeýle-de olar peýdaly tebigy dökünlere öwrülip iýmite goşulýar.
Nourivit önümlerindäki bakteriýalar mallarda kesel döredýän patogenlere garşy üstünlikli göreş alyp barýar hem-de olaryň hilini ýokarlandyrýan, haýwanlaryň içege mikroflorasyny kadalaşdyrýan we süýt öndürijiligini ýokarlandyrýan, şeýle-de athanalarda sagdyn atmosferany we arassaçylygy saklamaga ýardam edýän silos fermentasiýasyna gatnaşýar.
Kompaniýanyň önümleri örän tebigy we ekologik taýdan arassadyr, ol haýwanlar üçin-de, adamlar üçinem zyýansyz täsire eýedir.
Maldarçylyk üçin zerur bolan dökünlerdir goşundylar bilen gyzyklanmak üçin Nourivit önümleriniň paýlaýjysyna şu salgy arkaly ýüz tutup bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Watan D/B, Mebel toplumy, 16-njy jaý. Telefon belgileri: (+993 61) 17 82 43 и (+993 61) 17 82 34.
Şeýle-de okaň: