Notr-Dam ybadathanasy açylar

Parižiň Notr-Dam ybadathanasy güýçli ýangyndan bäş ýyl soň ýene-de öňki durkuna gaýdyp geldi.Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron köpçülik üçin açylmazdan öň, binanyň içine aýlanyp gördi. 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde bolup geçen uly ýangynda üçege we çürelip gidýän şpile agyr zeper ýetipdi. Şeýle-de bolsa, gümmez görnüşli potology, daş diwarlar we mermer düşelen pollar öňki katdyna getirildi.

Diwarlar we sütünler doly arassalanandan soň sarymtyl reňke eýe boldy.Abatlaýyş işlerine 1 müň 300 töweregi adam gatnaşdy.Makron şol ýangynyň “milli ýara” bolandygyny belläp, mümkin bolmadyk işi amala aşyrandyklary üçin ol ýerde zähmet çekýän işçilere hoşallyk bildirdi.

Açylyş dabarasy 7-nji dekabrda meýilleşdirilip, ybadathananyň ertesi gün köpçülige öz gapylaryny açmagyna garaşylýar. Üçegiň abatlaýyş işlerine gatnaşan arhitektor Notr-Dam soborynyň başgaça görünmeginiň mümkindigini, ýöne adamlaryň göwnünden turjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Bu kaşaň ybadathana 1163-1345-nji ýyllar aralygynda Parižiň ýepiskopy Morris de Suliniň başlangyjy bilen guruldy. /* custom css */ .td_uid_15_674da38cb01c8_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674da38cb01c8_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

9-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy
Syýasy repressiýalar we 'uzaga çeken üzňeligiň özleşdirilmedik' sapaklary
Tramp Sindzo Abeni, Narendra Modini we Skott Morrisony ABŞ-nyň Hormat Legiony atly harby ordeni bilen sylaglady
Post Malone, Billie Eillish “Billboard 2020” baýraklarynyň ýeňjileri
Sportuň taryhynda bu hepde