Norwegiýada suratkeş Munkyň täze muzeýi açyldy

Norwegiýada suratkeş Munkyň täze muzeýi açyldy

Norwegiýaly suratkeş Edward Munkyň täze muzeýi Býorwika sebitindäki Oslonyň merkezinde açyldy. Bu barada Norwegiýanyň telegraf býurosy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Täze muzeýiň sergi otaglary öňküsinden 5 esse uly bolup, 13 gaty eýeleýär. Binada dükan, kafe we kitaphana hem bar. Muzeýde, takmynan, 42 müň eksponat ýerleşdiriler.

Edward Munk 1863-nji ýylyň 12-nji dekabrynda harby lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Munk bäş ýaşyndaka, ejesi inçekeselden ýogalýar. Soňra şol kesel sebäpli uly aýal dogany hem aradan çykýar. Bu suratkeşiň ykbalyna we döredijiligine pajygaly yzy goýýar.

Munk XX asyrda sungatyň ösüşine uly täsir etdi.Ol ekspressionizmiň ilkinji wekilleriniň biridir.Onuň meşhur “Skrik” (“Gykylyk”) kartinasy bu ugruň möhüm nyşanyna öwrüldi.Munk “Madonna”, “Durmuş tansy”, “Posa”, “Kül”, “Howsala” ýaly meşhur kartinalaryň we suratkeşiň ýuwaş-ýuwaşdan garraýan prosesini görkezýän köp sanly awtoportretleriň awtorydyr.

Suratkeş 1944-nji ýylda 80 ýaşynda ýogalýar.Ol ähli işlerini şähere tabşyrmagy wesýet edýär.Bu ýygyndy hem 1963-nji ýylda açylan Oslodaky Munk muzeýiniň binýadyna öwrülýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň iň uly muzeýi
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Bütindünýä gümrük guramasyna täze baş sekretar saýlandy
Karl III doglan gününi belledi
“Premier Liganyň” 51-nji kluby
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy