Norwegiýanyň Polýar guşaklykdan aňyrda ýerleşýän Wadse şäheriniň meri Wençe Pedersen Ýewropa Geňeşinden sebitde adaty 24 sagatlyk wagt ölçeginiň ýerine 26 sagatlyk ölçegi girizmegi haýyş etdi.
Pedersen sebitiň özboluşly gymmatlyklaryna bil baglamak bilen, şähere täze ýaşaýjylary getirmek isleýär diýip, Politico neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Biz adamlara wagtyny has manyly geçirmäge, balyk tutmak, aw etmek, täze dilleri öwrenmek ýa-da ýakynlaryň bilen söhbet etmek ýaly işler bilen meşgullanmaga mümkinçilik döretmek isleýäris diýlip, Pederseniň hatynda bellenýär.