Norow Özbegistanyň daşary işler ministri wezipesinden boşadyldy

Norow Özbegistanyň daşary işler ministri wezipesinden boşadyldy

Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow başga işe geçýändigi sebäpli wezipesinden boşadyldy. Özbegistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bilim ministri Bahtiýor Saidowyň üstüne ýüklenildi. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, Bahtiýor Saidow mundan ozal ýurduň Ministrler Kabinetinde, Daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlar we söwda ministrliginde, Özbegistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda dürli wezipelerde işleýär. Şeýle-de ol Özbegistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky, şol bir wagtda özünde Mongoliýadaky we Flippinlerdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýär.

Bahtiýor Saidow 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Özbegistanyň Bilim ministrligine ýolbaşçylyk edýärdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Wladimir Norow 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň daşary işler ministri wezipesine bellenilipdi. Şu ýylyň awgust aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Galkynyş ordeni bilen sylaglandy.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Wladimir Imamowiç Norow 1955-nji ýylyň 31-nji awgustynda Buharada dünýä indi.Ol 1998 2003-nji ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasynda, 2002-2003-nji ýyllarda Şweýsariýada we Polşa Respublikasynda, 2004 2006-njy ýyllarda Belgiýada, 2005-2006-njy ýyllarda Ýewropa Bileleşigi hem-de NATO ýaly halkara guramalarda Özbegistanyň diplomatik wekili bolup işledi. 2006 2010-njy ýyllar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri, 2019 2021-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary wezipelerinde zähmet çekdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Geçirildi
Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda ahalteke atlarynyň marafony geçirildi, Urumçiden Aşgabada dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldildi, üç sany türkmen kinofilmi Koreýadaky festiwala iberildi we beýleki habarlar
Owganystana Goňşy Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Özbegistanda Jemlenişdi