Nordwind Airlines ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar

Nordwind Airlines ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili halkara uçuşlary üçin möhüm düşelge hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Russiýanyň Nordwind Airlines awiakompaniýasy Krasnodar (Russiýa) ― Bohtar (Täjigistan) aralygyndaky uçuşlarda bu menzili tehniki gonuş üçin ulanyp başlamakçy. Awiakompaniýanyň resmi web saýty bu gatnaw boýunça 30-njy ýanwardaky uçuşlardan başlap, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň tehniki hyzmatlaryndan peýdalanyljakdygy habar berildi.

Awiakompaniýanyň gyşky rejenamasynda Russiýanyň we Täjigistanyň aralygynda Moskwa ― Bohtar, Ýekaterinburg ― Bohtar, Nižniý Nowgorod ―Bohtar we Orenburg ― Hujand ugurlary hem görkezilýär.

Sagatda 500 ýolagça hyzmat edip bilýän Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň 2018-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys. Bu menzil dünýäniň iň uly howa gämilerini hem kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol GDA döwletlerini Günorta-Gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika bilen howa ýoly arkaly birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Turkish Airlines-y saýlaň we syýahatyňyzy gijikdirmäň
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti