Noly kim oýlap tapdy?!

Hiç hili bahasy ýok hem bolsa, matematikany nolsuz göz öňüne getirmek mümkin däl.Islendik sany nola köpeltseň ol nol bolýar.Goşmakda we aýyrmakda bolsa hiç hili täsiri ýok.

Beýleki ylymlar bilen bir hatarda matematika hem ýüzlerçe ýylyň dowamynda kämilleşdi.Eýsem, bu san haçan peýda bolduka?!Noluň ilkinji gezek Miladydan ozalky 700-nji ýyllarda Mesopotamiýadaky medeniýetlerde astronomiýa ylmynda ulanylandygyny taryhy çeşmelerden görmek bolýar. “0” ýoklugy alamatlandyrýandygy üçin uly ähmiýete eýedir.

II asyrda grekler ýoklugy alamatlandyrmak üçin içi boş şekili ulanypdyrlar.Emma alymlar häzirki wagtda ulanylýan “0” alamatyny ilkinji bolup, hindileriň ulanandygyny belleýärler.Gündogar medeniýetinde noly ilkinji bolup Muhammet ibn Musa al-Horezminiň ulanandygyny görmek bolýar.

Meşhur matematik arifmetik amallarda “9” sany bilen bilelikde “0” sanyny hem ulanypdyr.Horezminiň noluň ulanylyşy bilen bagly ýazan kitaplary latynça terjime edilip, günbatarly alymlar tarapyndan peýdalanylypdyr.Günbatarly alymlaryň noly has soňky asyrlarda ulanyp başlandygyny görmek bolýar. Öňki döwürlerde Ýewropada Rim sifrleri ulanylypdyr.

Rim sifrlerinde bolsa nol bolmandyr.Noluň tapylmagy bilen onluk ulgam hem ýüze çykýar.Adatça, sanlar položitel we otrisatel görnüşinde ikä bölünýär.Nol olaryň ikisine hem degişli däl. Şol sebäpli nol diňe bir san hökmünde däl, başlangyç nokady hökmünde hem ulanylýar.

Nol oýlanyp tapylmazdan ozal matematiki hasaplamalar örän kyn bolupdyr.Nol sanlaryň hataryna goşulandan soňra, onluk ulgam döredilipdir we hasaplamalar örän aňsat bolupdyr.Noluň tapylmagy matematikadaky iň esasy açyşlaryň biri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Matematikada arap sifrlary ulanylýar
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy
Hindistan daşky gurşaw maksatnamasyny tassyklady
Liwerpul FK — Ramsey türk brendiniň taryhynyň futbol sahypasy
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?