Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”

Meşhur režissýor Kristofer Nolanyň täze ekran eseri “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) filmi J.Robert Oppenhaýmeriň durmuşy barada bolup, ol ýadrony oýlap tapan şahsyýet hökmünde tanalýar.Režissýor “Memento”, “Insomnia”, “Batman Begins”, “The Dark Knigt”, “Inception”, “Interstellar”, “Dunkirk” ýaly filmleri surata düşüripdi. 3 sagatlyk dowam edýän filmiň býujeti 100 million dollara deňdir.

Filmiň ssenarisi režissýoryň özüne degişli bolup, biografiýa we triller görnüşli filmde baş keşbi Killian Mörfi janlandyrýar. Şol sanda filmde Mett Demon, Robert Dawni Jr., Florens Pýu, Joş Hartnett, Keýsi Afflek, Rami Malek, Kennet Brana ýaly “Hollywood”-yň meşhur artistleri beýleki keşpleri ýerine ýetirýär.

CGI tehnologiýasyny ulanmazlygy özüne ýörelge edinen režissýoryň täze filminiň käbir sahnalary ak-gara reňkde bolmagy bilenem tapawutlanýar.Nýu Mehiko ştatynda surata düşürilen film prokatlardan 252 million dollara golaý kassa ýygymyny toplamagy başardy.

Ekran eseriniň baýrak möwsüminde-de birnäçe baýraklar bilen adynyň agzalmagyna garaşylýar.Film tomaşa edenleriň köpüsinde uly täsir galdyrmak bilen, köplerde sarsgyn emele getirýär.

Ady: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Režissýory: Kristofer Nolan

Keşplerde: Killian Mörfi, Emili Blant, Mett Demon, Robert Dawni Jr., Florens Pýu, Joş Hartnett, Keýsi Afflek, Rami Malek, Kennet Brana

Ssenariçi: Kristofer Nolan (Kai Bird bilen Martin J. Şerwiniň “American Prometheus” atly eseri esasynda)

Prodýuseri: Emma Tomas, Çarlz Rowen, Kristofer Nolan

Kompozitory: Ludwig Goransson

Öndüriji: “Syncopy Inc.”, “Atlas Entertainment”

Paýlaýjy: “Universal Pictures”

Dowamlylygy: 180 minut

Görnüşi: biografiýa, triller

Ýurdy: ABŞ, Birleşen Korollyk

Dili: iňlisçe

Býujeti: 100 million $

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Kristofer Nolan Başlangyç filminiň jemlemesini düşündirdi
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi