Nokia zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy

Nokia zibilden ýasalan ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy

HMD kompaniýasy Nokia brendiniň astynda täze X30 5G smartfony bilen tanyşdyrdy we ol taryhda kompaniýanyň ekologiýa taýdan iň arassa önümidir. Ýagny täze Nokia X30 5G smartfony gaýtadan işlenen alýuminden we plastikden edilendir diýip, The Verge neşiri habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Habarda enjamyň alýumin çarçuwasynyň tutuşlygyna gaýtadan işlenen metaldan, yzky gapagynyň 65 göteriminiň gaýtadan işlenen plastikden ýasalandygy aýdylýar. Smartfonyň gaby hem 70 göterim gaýtadan işlenen kagyzdan ýasalan.

Nokianyň täze enjamy galan ýagdaýlarda adaty android - smartfondyr.

Täze önüm Ýewropada 2022-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrlarynda 520 ýewro baha bilen satuwa goýberiler.

Ýene degişli makalalar

“Nokia” täze smartfonyny hödürledi
Nokia 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy
Nokia-nyň täze planşeti
“Nokia” bir ýyldan bäri girdejili gazanýar
Ekologiýa taýdan arassa telefon
Nusgawy Nokia 6310 telefony gaýtadan öndürildi