Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisiniň çäklerinde kompaniýanyň wekili Iwa Lewinskiý “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi.
Şahsy kiberhowpsuzlyk bu sanly gurşawda dürli görnüşli kiber hüjümlerinden maglumatlaryň goramaga ýöriteleşen pudakdyr. Ol kiberhüjümleriň netijesinde howp abanyp biljek şahsy, maliýe, şahsyýeti kesgitleýän maglumatlaryň we beýleki esasy elementleriň goraglylygyny üpjün edýär.
Lewinskiý “Nokia-nyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny we sanlylaşdyrmak hem-de internet ulgamyny ösdürmekde goldamaga taýýardygyny nygtady.
Iwa Lewinskiý “Türkmentel-2023” sergisiniň diňe bir Türkmenistanyň resmi adamlary we telekeçileri bilen däl-de eýsem, tutuş sebitiň degişli ugurdaky wekilleri bilen duşuşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredendigini belledi. Şeýle hem, kompaniýanyň wekili Türkmenistanyň tehnologiýa kuwwatlyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belledi.
“Nokia Corporation” bu mobil, öý aragatnaşygy, giň ýygylykly IP ulgamy üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Finlýandiýanyň transmilli kompaniýasydyr.