Nokia täze arzan we ygtybarly smartfonlary hödürledi

Nokia täze arzan we ygtybarly smartfonlary hödürledi

Nokia brendi C-tapgyrynyň üç sany täze smartfonyny Nokia C21, Nokia C21 Plus we Nokia C2 2 edition-y hödürledi. Bular ygtybarly we arzan gurluşlardyr.

C21 modeli 8 Mp esasy kamera we 5 Mp selfi kamerasy, Unisoc SC9863a prosessory, diagonaly 6,5 dýuým bolan ekran, 3000 mAs batareýa bilen üpjün edildi.Nokia C21 Plus smartfony iki wersiýada, ýagny zarýady iki güne çenli saklaýan 4000 mAs batareýa, goşmaça zarýad bermezden üç güne çenli işleýän 5050 mAs batareýa bilen çykar.

Bu modelde eýýäm 13 Mp goşa esasy kamera göz öňünde tutuldy. Üçünji model Nokia C2 2 edition köne smartfonyň täzelenen görnüşi.Ol diagonaly 5,7 dýuým bolan ekrana, 2400 mAs sygymly batareýa we Android 11 (Go wersiýasy) operasion sistemasyna eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Lebapda 20 telekeçä Internet gadagançylygy girizildi, häkimiýetler nägilelik listowkalarynyň çap edilmeginden aladalanýar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar