“Nokia” kompaniýasynyň ABŞ-daky şahamçasy “Nokia Bell
Labs” aýda ilkinji LTE/4G aragatnaşyk ulgamyny gurmak boýunça ABŞ-nyň Milli
aýrenotika we kosmos dolandyryş agentligi (NASA) bilen 14,1 million dollarlyk
şertnama baglaşdy. NASA-nyň “Artemis” maksatnamasynyň çäklerinde baglaşylan bu
şertnamanyň esasynda aýda 4G ulgamy 2022-nji ýylyň soňuna çenli işe giriziler. Bu
aragatnaşyk ulgamyny has soňky ýyllarda 5G ýokarlandyrmak maksat edinilýär.
“Nokia”
kompaniýasy gerekli enjamlary aýa gondurmak üçin eýýäm birnäçe ýyl bäri NASA
bilen ýakyndan işleşýän Hýuston şäherinde ýerleşýän “Intuitive Machines”
kompaniýasynyň tehnologiýasyndan peýdalanar.
Ynamdar,
berk we ýokary geçirijilikli simsiz aragatnaşyk ulgamy ynsanlaryň aýy durnukly
öwrenmeklerini goldamakda esasy faktorlaryň biridir diýip, “Nokia Bell
Labs”-iň direktory Markus Weldon belläp geçýär.
“Artemis”
maksatnamasy 2024-nji ýylda aýa ilkinji zenany we bir erkek adamy uçurmagy göz
öňünde tutýar.
2020-nji
ýylyň ýanwar aýynda “Nokia Bell Labs” kompaniýasy surat sensorlarynyň
kämilleşdirilmegine goşan goşanty üçin tehnologiýa we inženerlik boýunça “Emmy”
baýragyna mynasyp görlüpdi.