Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda nobatdan daşary maslahaty geçirildi. Ýygnakda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň Birleşmäniň agzalary tarapyndan ýerini ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Birleşmäniň resmi saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Birleşme tarapyndan döredilen Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy barada hem çykyşlar diňlendi.

Maslahatyň gün tertibine Birleşmäniň Müdiriýetiniň düzümine üýtgetmeler girizmek we Birleşmäniň Müdiriýetiniň başlygyny saýlamak girizildi. Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine Atagulyýew Nökerguly Hojagulyýewiç saýlandy.

Ýeri gelende bellesek, Nökerguly Atagulyýewden ozal bu wezipäni Döwran Hudaýberdiýew ýerine ýetirýärdi. Döwran Hudaýberdiýew 2020-nji ýylyň 13-nji maýynda TSTB-niň başlyklygyna saýlanylypdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ykdysadyýetiň we hyzmatlar ulgamynyň dürli pudaklarynda işleýän telekeçileriň 27 müňden gowragyny birleşdirýän ýurtdaky iň uly guramadyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň täze başlygy saýlandy
BMG-niň Azyk Maksatnamasy Türkiýä we Siriýa Kömek Ugratmagy Meýilleşdirýär
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ylalaşyldy
BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ ÝUBILEÝINE MAGLUMAT ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI
Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy