Nobeliň Lukmançylyk baýragynyň laureatlary belli boldy

Şu gün 2-nji oktýabrda Fiziologiýa ýa-da lukmançylyk boýunça 2023-nji ýylyň Nobel baýragy wengriýaly biohimik Katalin Kariko we amerikaly Drýu Waýsmana “COVID-19 garşy täsirli mRNA sanjymlaryny işläp düzmäge mümkinçilik berýän nuklein kislotasynyň esaslaryny özgertmekdäki açyşlary üçin” berildi.

Baýragyň web sahypasynda çap edilen metbugat üçin beýanatda Nobel baýragynyň eýeleriniň ikisiniň açyşlarynyň, 2020-nji ýylda başlanan pandemiýa döwründe COVID-19 garşy mRNA sanjymlarynyň işlenip düzülmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygy aýdylýar.

MRNA-nyň biziň immunitetimiz bilen özara gatnaşygy baradaky düşünjäni düýpgöter özgerden düýpli açyşlary üçin laureatlar “biziň döwrümiziň adam saglygyna abanýan iň uly howplaryň birinde sanjymlaryň işlenip düzülmeginiň görlüp-eşidilmedik depginine” goşant goşdylar.

3-nji oktýabrda fizika boýunça, 4-nji oktýabrda himiýa, 5-nji oktýabrda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim ediler. 6-njy oktýabrda parahatçylyk baýragynyň ýeňijisi kesgitlener we 9-njy oktýabrda 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan döredilen Ykdysadyýet boýunça Alfred Nobel baýragynyň eýesi yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-ly alymlar lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragyny aldylar
Nobel wesýetnama gol çekýär
Nobel hepdeligi dowam edýär: üç ugurdan laureatlar belli boldy
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy berildi
Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy