Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi

Şwesiýanyň ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti bu ýylky edebiýat baýragyny amerikaly şahyr Luiza Gluga berdi. Ol Agras şahyrana labzy we aýratyn tejribäni köp ugurly görnüşe öwürmekdäki ukyp-başarnyklary üçin bu baýraga mynasyp boldy. Luiza Gluk Nobeliň taryhynda bu baýraga mynasyp bolan 16-njy zenandyr.

Nobel komitetiniň internet sahypasynda Luiza Glugyň 1943-nji ýylyň 22-nji aprelinde Nýu-Ýorkda doglandygy, Long-Aýlendde önüp-ösendigi, ilki Sara-Lourens kollejinde, soňra bolsa Kolumbiýa uniwersitetinde okandygy bellenilýär. 1968-nji ýylda ýaş şahyryň ilkinji gezek Nowbahar çaga (Firstborn) atly goşgular ýygyndysy neşir edilip, tiz wagtdan häzirki zaman amerikan edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň biri hökmünde adygyp ugraýar.

Luiza Gluk 1971-nji ýylda Wermont ştatynyň Goddard kollejine mugallymçylyk etmäge çagyrylýar.Oňa bu ýerde döredijilik işinde giň mümkinçilikler döreýär.Mugallymçylyk edip başlanymdan soň, ýene-de ýazyp ugradym.

Bu hakyky gudratdy diýip, ol ýatlaýar.Soňra ol Aýowa uniwersitetinde, Worren Wilson kollejinde (Demirgazyk Karolina), Williams kollejinde (Massaçusets), Kaliforniýa we Garward uniwersitetlerinde işleýär.Häzirki wagtda Massaçusets ştatynyň Kembrij şäherinde ýaşaýan şahyr zenan Nýu-Heýwen şäherindäki Ýel uniwersitetinde (Konnektikut) mugallymçylyk edýär.

Ol Batgalykdaky öý (The House on Marshland), Peselýän syrat (Descending Figure), Ýabany iris (The Wild Iris), Ahillanyň ýeňşi (The Triumph of Achilles), Amerikan aýratynlygy (American Originality), Ararat, Wita Nowa we Averno ýaly birnäçe goşgular ýygyndysynyň awtorydyr.

Onuň eýe bolan edebi sylaglarynyň arasynda Pulitzer baýragy (1993) we Milli kitap baýragy (2014) ýaly abraýly baýraklar bar.Gluk 20-den gowrak edebi baýragyň eýesi, birnäçe kollejiň hormatly doktory, ABŞ-nyň abraýly şygryýet jemgyýetleriniň, ylmy guramalarynyň, hususan-da Amerikanyň sungat we edebiýat akademiýasynyň, Amerikanyň ylymlar akademiýasynyň hem-de Amerikanyň filosofiýa jemgyýetiniň agzasydyr.

Ol 2002-2004-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Kongres kitaphanasynyň resmi şahyry wezipesine saýlanyp, kitaphananyň ýolbaşçylarynyň maslahatçysy bolup işledi.

Luiza Glugyň eserleri kämillige we aýdyňlyga ymtylmagy bilen tapawutlanýar. Ene-ataň, dogan-garyndaşlaryň we dost-ýarlaryň bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak şahyr zenanyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr özüniň ajaýyp şygyrlaryny, esasan, ozaldan gelýän nusgawy ýörelgelere we rowaýatlara eýerip döredýär. Şu günki günde Luiza Gluk ABŞ-nyň iň görnükli şahyrlarynyň biri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Kosta Rikanyň düzümi mälim boldy
Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler
Erdogan Braziliýanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Luizianada ýangyn tutaşdy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümlerde 15 adam ýogaldy