Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy

Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy

Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eeýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy

Bangladeşde, Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Muhammed Ýunus, wagtlaýyn hökümetin başlyklygyna bellendi.

Dhaka Tribune gazetiniň berýän habaryna görä, talyplaryň protest ýörişleri sebäpli agyr günleri başdan geçirýän ýurtda wagtlaýyn hökümetiň başlygy belli boldy.

Ýolbaşçylar, Prezident Muhammed Şahabuddin bilen Talyplaryň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirlen maslahatdan soň wagtlaýyn hökümetiň başlyklygyna Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Muhammed Ýunusyň bellenendigi nygtaldy.

Wagtlaýyn hökümetiň beýleki agzalary bolsa syýasy partiýalaryň arasynda geçiriljek gepleşiklerden soň belli bolar.

Banglaşde 1971-nji ýyldaky Garaşsyzlyk söweşine gatnaşanlaryň çagalarynyň döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalarda işe alynmagy barada kabul edilen karardan soň iýul aýynyň ortasynda talyplar protest ýörişini geçirmäge başlady.

Protest ýörişlerinde ýüzlerçe adam ýogaldy, müňlerçe adam hem saklandy.

Ýörişleriň möwjemegi sebäpli Premýer-ministr Şyh Hasina wezipesinden çekildi we harby dik uçar bilen Hindistana gitdi.

Premýer-ministr Hasina tarapyndan esasy bäsdeş hökmünde görülýän 84 ýaşyndaky Muhammed Ýunus, “ýoksullaryň howandary” hökmünde tanalýar.

Ýene degişli makalalar

Nobel baýragynyň eýesi wagtlaýyn hökümetiň başlygy boldy
Prezident Erdogan Bangladeşe Gynanç Bildirdi
Ysraýyl 11 Aýda Palestinaly 16 Müň 480 Çaganyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy
Gazanyň Ilatynyň 90 Göterimi Öýlerini Terk Etmeli Boldy
Bangladeşde sil apatlary sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy