Nobel hepdeligi dowam edýär : Fizika baýragy yglan edildi

Düýn Stokgolmda Nobel hepdeligi başlapdy.Nobel komiteti Fizika baýragyna Alaýn Aspektiň, Jon F.Klauzeriň we Anton Zeýlingeriň mynasyp bolandygyny mälim etdi.

Alymlar Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasyndan jemi 10 million şwed kronyny (902 müň dollar) baýrak alarlar.Aspekt, Klauzer we Zeýlinger çapraz fotonlar bilen geçiren tejribeleri sebäpli bu baýraga mynasyp görlüpdir.2021-nji ýylyň Fizika baýragyna Sýukuro Manabe, Klaus Hasselmann we Jorjo Parizi mynasyp bolupdy.

Her bir baýrak üçin deň pul baýragy goýulýar.Bu baýrak bir adama berlişi ýaly, iki ýa-da üç adama hem berilýär.Birden köp adama berlende şol pul baýragy olaryň arasynda deň bölünýär.Düýn Nobeliň Lukmançylyk ýa-da Fiziologiýa baýragy gowşurylypdy.

Ýene degişli makalalar

Nobel wesýetnama gol çekýär
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy
Osloda 2023-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
Alfred Nobel halkara baýragy döretmek baradaky wesýetnama gol çekýär