Nobel hepdeligi başlandy: Lukmançylyk baýragynyň laureaty mälim edildi

Dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň laureatlary mälim edilýär. 2021-nji ýylyň Nobeliň Lukmançylyk baýragyna şwesiýaly biolog Swante Paabo mynasyp boldy. Ol bu baýraga “ýitip giden gominleriň genomlary we adam ewolýusiýasy baradaky açyşlary üçin” laýyk görüldi.

Her ýylyň oktýabr aýynyň başynda Nobel hepdeliginiň çäklerinde fiziologiýa ýa-da lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat, şeýle hem Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet baýragy boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edilýär.

Nobel baýragynyň bu ýylky eýeleri 3-10-njy oktýabr aralygynda yglan ediler. Şeýle hemNobel gaznasy dekabr aýynda Stokgolmda geçiriljek Nobel hepdeligine şu ýylyň ýeňijileri bilen bir hatarda 2020-nji hem-de 2021-nji ýylyň laureatlaryny hem çagyrmak kararyna geldi. Geçen iki ýylyň dowamynda Nobel baýragyna mynasyp bolanlar bu baýragy ýaşaýan ýurdundaky Şwesiýanyň ilçihanasynda alypdylar.

Nobel baýragyna mynasyp bolanlar medal bilen bir hatarda 10 million şwed krony (takmynan 1 million 145 müň dollar) pul baýragyna mynasyp bolýarlar. Adatça baýraklar dekabr aýynda Oslo şäherinde geçirilýän dabarada gowşurylýar.

Ýene degişli makalalar

Nobel wesýetnama gol çekýär
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
Osloda 2023-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Türkmenistanly talyp gyz Hytaýda geçirilen ýaş alymlaryň sammitine gatnaşdy
ABŞ-ly alymlar lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragyny aldylar
Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy