Nobel baýraklary pandemiýadan soňra ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gowşuryldy

Şu gün 10-njy dekabrda Stokgolmda we Osloda Nobel baýraklaryny gowşurylyş dabaralary geçirilip, baýrak alanlar we myhmanlar üçin banket hem guraldy.

Şwesiýanyň Koroly Karl XVI Gustaw Stokgolm filarmoniýasynda 2022-nji ýylyň 11 sany Nobel baýragynyň eýelerine hormatly diplomlar we altyn medallar gowşurdy. Alfred Nobeliň wesýetnamasyna laýyklykda, Parahatçylyk baýragy Osloda Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy tarapyndan gowşuryldy. Dabara Norwegiýanyň hökümet agzalarynyň we Korol maşgalasynyň gatnaşmagynda şäher häkimliginde geçirildi.

Nobel gazanasy Nobel hepdeligine şu ýylyň ýeňijileri bilen bir hatarda 2020-nji hem-de 2021-nji ýylyň laureatlaryny hem çagyrdy. Geçen iki ýylyň dowamynda Nobel baýragyna mynasyp bolanlar bu baýragy ýaşaýan ýurdundaky Şwesiýanyň ilçihanasynda alypdylar. Baýrak gowşurylyş dabarasy, däp boýunça, 1896-njy ýylyň 10-njy dekabrynda aradan çykan Alfred Nobeliň hatyrasyna geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Nobel baýragyny bir million şwed krony möçberinde köpeltdiler
Nobel baýragynyň möçberi artdyrylar
Osloda 2023-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi