Nikolas Maduro Wezipesini Dowam Etdirer

Nikolas Maduro Wezipesini Dowam Etdirer

Wenesuelada düýn geçirlen prezident saýlawynda Nikolas Maduro üstünlik gazandy.

Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Amoroso, saýlaw gutularynyň 80 göteriminiň açylandygyny we 10 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirlen saýlawda Uly Watanperwer partiýasynyň dalaşgäri, häzirki prezident Nikolas Maduronyň üstünlik gazanandygyny mälim etdi.

Saýlawyň ilkinji netijelerine görä, Maduro sesleriň 51,20 göterimini alyp 3-nji gezek wezipesini dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Oppozisianyň dalaşgäri Edmundo Gonzales bolsa sesleriň 44,20 göterimini aldy.

Amoroso, saýlawa bolan gatnaşygyň 59 göterimdigini mälim etdi.

Saýlawda uly üstünlik gazanan Maduro, 2025-nji ýylyň 10-nju ýanwarynda kasam edip wezipesini dowam etdirer.

Ýene degişli makalalar

Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi
Maduro ýeňiş gazandy
Maduro Wenesueladaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Maduro Erdogany Gutlady
Maduro: "Ysraýyl Rafahda gyrgynçylyk etdi" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny