Amerikaly belli aktýor Nikolas Keýj “Entertainment Weekly” gazetine beren interwýusynda filmde surata düşmegini asla bes etmejekdigini aýtdy. Bu barada mk.ru habar berdi.
Aktýor filmde surata düşende özüni has sagdyn duýýandygyny nygtaýar. Ýeri gelende bellesek, Nikolas Keýj häzir 57 ýaşynda. Ol "Oskar" hem-de “Altyn globus” baýraklarynyň eýesidir. Keýj 1990-njy ýyllarda çykan "Gaýa", "Ýüzsüz", "Howa türmesi" ýaly uruşganly filmleri bilen has giňden tanalýar.