Nikol Paşinýanyň Dik Uçary, Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Gonmaly Boldy

Nikol Paşinýanyň Dik Uçary, Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Gonmaly Boldy

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň ýogalmagyna sebäp bolan dik uçar heläkçiligi meselesiniň gün tertinde esasy orun eýelemäge dowam edýän günlerinde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň dik uçary, ýaramaz howa şertleri sebäpli gonmaly boldy.

Ermenistanyň resmi habarlar gullugy Armenpressiň habaryna görä, Premýer-ministri Paşinýan Fajebook arkaly beren habarnamasynda, ýaramaz howa şertleri sebäpli dik uçarynyň Wanadzor şäherinde gonmaly bolandygyny mälim etdi.

Premýer-ministr Paşinýan, ýolagçylygyna gara ýoly bilen dowam edýändigini aýtdy.

Eýranyň Prezidenti Raisi, 19-njy maýda Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan we käbir beýleki ýolbaşçylar bilen dik uçar heläkçiligine sezewar bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy
Ermenistanda ýurduň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi talap edildi
Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Sankt-Peterburg, Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Etdi