Nikol Paşinýan Halkyna Ýüzlenip Çykyş Etdi

Nikol Paşinýan Halkyna Ýüzlenip Çykyş Etdi

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, şu günki güne çenli Ermenistanda başdan geçirlen “taryhy Ermenistan” hyýalynyň, ýurdunyň ösmegine we hakyky Ermenistanyň gurulmagyny bökdändigini aýtdy.

Premýer-ministr Paşinýan, Ýoutube arkaly halka ýüzlenip çykyş etdi.

Paşinýan, düýnden başlap Tawus sebitinde 3 obada Azerbaýjan bilen geçirlen serhetleriň kesgitlenilmegi baradaky işleriň netijelenendigini, Ermenistanyň Milli howpsuzlyk gullugyna bagly gullukçylaryň wezipesine başlandygyny, 1 obada bolsa işleriň dowam edýändigini we etabyň 24-nji iýulda tamamlanmagyna garaşylýandygyny belledi.

Ermenistanyň Premýer-ministri, serhetleriň kesgitlenilmegi işlerinde ýurdunyň özygtyýarlygyna we howpsuzlygyna uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy
Erdogan Ysraýyla Berk Reaksiýa Bildirdi
Dawid Karapetýan Ermenistanyň DIM-niň baş sekretarlygyna bellendi
Putin Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Russiýa Bilen Çözülmedik Birnäçe Meselämiz Bar