Sport eşiklerini öndüriji Adidas we Nike kompaniýalary öz sport balaklaryndaky dik çyzyklar üçin kazyýetde jedelleşmegi dowam edýärler. Germaniýada olaryň arasynda kazyýet seljerişligi başlandy diýip, Zeit neşirine salgylanýan Ren.tv habar berýär.
Sport balaklarynyň daşky gapdalyndaky üç sany uzaboýuna çyzyklar Adidas nemes brendiniň harytlarynyň belli aýratynlygydyr. Emma 2022-nji ýylda kompaniýanyň wekilleri dükanlaryň tekjelerinde amerikaly bäsdeşleriniň, ýagny Nike kompaniýasynyň hem şeýle görnüşdäki iki we üç çyzykly sport balaklarynyň üstünde bardylar.
Adidas kazyýete awtorlyk hukugynyň bozulandygy barada şikaýat bilen ýüz tutdy. Kazyýet onuň tarapyny aldy hem-de Nike kompaniýasynyň Germaniýada şeýle çyzykly önümleriniň bäş görnüşiniň satuwyny bes etmek barada çözgüt çykardy.
Emma amerikan kompaniýasy hem kazyýete garşylyklaýyn şikaýat bilen ýüzlendi. Onuň wekilleriniň pikiriçe, uzyn çyzykly bezeg dokma önümçiliginde giňden ýaýran biçim bolmak bilen, ol dürli önümçilikçiler tarapyndan sport balaklarynyň tikinçiliginde ulanylýar. Ýagny Nike kompaniýasy bu dizaýn nusgasynyň hiç bir söwda ýarlygyna degişli däldigini nygtaýar.
Kazyýet bu iş boýunça çözgüdi 28-nji maýda yglan etmekçi diýlip, habarda aýdylýar.