Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi

Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi

Nike kompaniýasy krossowkany arassalap we abatlap bilýän roboty döretdi. Modeliň ady BILL (Bot Initiated Longevity Lab) we onuň maksady, döredijileriň sözlerine görä, krossowkalaryň hyzmat ediş möhletini uzaltmak we netijede daşky gurşawa täsirini kemeltmek. Häzirki wagtda BILL Nike air Force 1, Air Jordan 1, Space Hippie 01 we Nike Dunks krossowkalaryny arassalap we abatlap bilýär.

Robot arassalamaly aýakgabynyň üçölçegli sanly modelini döredýär, onda aýakgabyň ýokarky böleginden, gapdallaryndan we dabanyndan haýsy ýerini arassalamalydygy görkezilýär.Umumy alaňda, BILL bir jübüt Air Force-ni 45 minutda arassalaýar. Şeýle hem müşderi aýakgabyň ýokarky böleginiň zaýalanan ýerlerini abatlamak üçin ýamalyk materialy saýlap bilýär.

Ondan hem başga, dükanyň işgärleri krossowkalaryň olduryklaryny we bagjyklaryny gaýtadan işlenen materiallardan ýerine ýetirilen täzeleri bilen çalşyp berip bilýärler.Häzirlikçe BILL - eksperimental taslama diýip, kompaniýa belleýär.Robot diňe şereketiň Londondaky Nike Town dükanyndan tapdyrýar, ol mugtjak işleýär.

Ýene degişli makalalar

“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
Nike kompaniýasy Nike Space Jam 2 toplumyny hödürleýär
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan krossowkalar