Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy

Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy

Sport egin-eşiklerini öndüriji Nike kompaniýasy 2022-2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça sap girdejisini 22 göterim, ýagny 1,468 milliard dollara çenli azaltdy. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar diýip, Trend ýazýar.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we Latyn Amerikasy ýurtlarynda kompaniýanyň satuwdan gelen girdejisi 16 göterim, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlarynda 17 we Demirgazyk Amerikada 13 göterim ýokarlandy. Nike Hytaýdaky satuwdan gelen girdejisiniň welin, 13 göterim kemelendigini habar berdi.

Nike Inc. amerikan kompaniýasy dünýä bazarynda sport eşiklerini, aýakgaplaryny we aksessuarlaryny öndürmek boýunça öňdebaryjylaryň biridir. Ol 1964-nji ýylda döredildi, düýp-edarasy ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Biwerstoun şäherinde ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady
78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi
Ahal futbol topary ilkinji gezek eFootball oýnuna girizildi