
Sport lybaslaryny we aýakgaplaryny öndüriji Nike kompaniýasy baş keşbinde NBA-nyň ýyldyzy LeBron Jeýms çykyş etjek Kosmiki Jem: täze nesil filminiň görkezilişe çykmagy mynasybetli, Nike Space Jam 2 lybaslar toplumyny hödürleýär.
Toplumda aýakgaplaryň üç görnüşi bar. Olar LeBron 18, Air Force 1 we LeBron 19 aýakgaplarydyr. Görnüşleriň ählisi hem ululara, hem çagalara niýetlenilýär.
Şeýle hem basketbol köýnekçeleriniň ikisi ― Tune Squad we Goon Squad topluma girizildi. Mundan başga-da, Nike Space Jam 2-ä filmiň gahrymanlarynyň käbir lybaslary toplumda özüne ýer tapdy.