Nike bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady

Nike bäsdeşlerini ogurlykda aýyplady

Nike amerikan kompaniýasy New Balance we Skechers kompaniýalaryny öz sport aýakgaplarynyň önümçiliginiň güwänamalaşdyrylan tehnologiýasyny ulanmakda aýyplap, Massaçusets ştatynyň kazyýetine ýüz tutdy. Bu barada Reuters habarlar gullugyna salgylanýan News.ru ýazýar.

Talap arzasynda ady tutulan kompaniýalaryň käbir krossowkalarynyň Nike kompaniýasyna degişli Flyknit usulyny peýdalanmak arkaly ýasalandygy görkezilýär.

Güwänamalaşdyrylan tehnologiýanyň kömegi bilen berk inçe sapaklaryndan sport aýakgaplarynyň ýokary tikin bölegi ýasalýar, ol aýagy kadaly hereketlendirmäge hem-de howa geçirmäge, çeýeligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Nike öz bäsdeşlerine kazyýetiň üsti bilen Flyknit usulyny ulanmagy gadagan etmekçi hem takyklanmadyk öweztölegini töletmekçi bolýar.

Emma New Balance kompaniýasynyň eýeleri aýyplama jogabynda bäsdeşiň intellektual eýeçiligine hormat goýýandyklaryny, emma bu usulyň eýýäm ençeme wagt bäri ulanylyp gelinýändigini hem-de Nikeniň bu tehnologiýanyň üsti bilen aýakgap önümçiligine ýeke-täk eýeçiliginiň ýokdugyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi
Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi