Nikaraguanyň Türkmenistandaky ilkinji Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

1-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Nikaraguanyň Türkmenistana bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Tatýana Daniella Garsiýa Silwanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Taraplar türkmen-nikaragua gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy resminamalarynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.

Halkara guramalary, hususan-da BMG boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar halkara düzümlerde ýurtlaryň başlangyçlaryny özara goldamaga ylalaşdylar.

Parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmen-nikaragua parlamentara dostluk toparyny döretmek teklip edildi.

Medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek boýunça özara gyzyklanma aýratyn bellendi.

Ýene degişli makalalar

Mejlisiň Başlygy Nikaraguanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
Markesiň agtygy ýazyja iberilen 150 sany hat tapdy
Dünýäniň iň garry adamy 
Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi