Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy

Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy

BBC tarapyndan berilen habara görä Nigeriýa döwletiniň Niger welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar dolanşyk agentligi ulag heläkçiliginden soň partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Wakanyň bolan ýerine ýörite toparlaryň gönükdirilendigi, hadysada 48 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Milli metbugatda berilen habara görä wakada ýogalan adamlar üçin köpçülikleýin jynaza çäresiniň geçiriljekdigi aýan edildi.

Wakadan gysga wagt soň alynan wideoda dolulygyna ýanan iki ulagyň ýanynda, şeýle hem ölen iri şahly mallaryň bardygyny görüp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Bolan Dikuçar Heläkçiligede 3 Adam Ýogaldy
Nigeriýada gaýygyň batmagy netijesinde 20 adam ýogaldy
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Nigeriýada üç gatly bina çökdi