Nigeriýadaky gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Nigeriýadaky gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Milli metbugatdaky habarlara görä, Milli Içerki Suw Ýollary edarasy tarapyndan berilen beýanatda, 1-nji oktýabrda Niger welaýatyna degişli Mokwa sebitindäki Gbajibo derýasynda gaýygyň batmagyndan soň başladylan halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Gaýyk pajygasynda ýogalanlaryň sanynyň 70 adama ýetendigi bellenen beýanatda, 150 adamyň hem halas edilendigi habar berildi.

Nigeriýa Döwlet baştutany Bola Ahmed Tinubu, ýogalan adamlar zerarly welaýatyň ýaşaýjylaryna gynanç bildirdi.

Niger welaýatyna degişli Mokwa sebitinde 1-nji oktýabrda möwlitden gaýdyp gelýän takmynan 300 adamyň münen gaýyk, Gbajibo derýasynda batypdy.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada medresede ýangyn boldy
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy
Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy