Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy

Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda, terror guramasy Boko Haram tarapyndan zamun alynan 99 adam boşadyldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, harby goşunynyň Borno sebitiniň Sambisa tokaýynda gizlenen Boko Harama agza terrorçylara garşy operasiýa geçirendigi nygtaldy.

Operasiýalarda Boko Haram tarapyndan zamun alynan 2-si çaga, 41-i zenan jemi 99 adamyň boşadylandygy ýatladyldy.

Halas edilenleriň arasynda Boko Haram tarapyndan 2014-nji ýylda mekdebe guralan operasiýada zamun alynan gyzlardan biriniň hem bardygy bellenildi.

Boko Haram ýurduň demirgazyk gündogarynda Borno sebitinde ýerleşýän Jhibok şäherindäki ýatymlaýyn mekdebe 2014-nji ýylyň 14-nji aprelinde guran operasiýasynda 276 okuwçyny zamun alypdy.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Nigeriýada Boko Harama agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Nigeriýada mina partlady
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy
Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy