Ýaragly toparyň agzalary Karu sebitinde hüjümler guradylar.
Hüjümlerde 9 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Nigeriýa eýýäm ençeme wagt bäri ýurduň tapawutly ýerlerinde ýaragly toparlar bilen birlikde terror guramalary Boko Haramyň we DAIŞ-iň Günbatar Afrika şahasy bolan ISWAP-yň hüjümlerine sezewar galýar.
Ýurtda adam alyp gaçmagyň jezasy ölüm jezasy bolsada, töleg üçin adam alyp gaçmak adaty zata öwrüldi.
Ýaragly adamlar esasan hem ýurduň demirgazygyndaky obalary, mekdepleri we syýahatçylary nyşana alyp, töleg berilmegini isleýärler.