Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Kastina-Ala sebitiniň başlygy Jastin Şaku ýerli metbugata beren beýanatynda, şahsyýetleri näbelli bolan adamlar tarapyndan guralan hüjümde 18 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Şaku hüjümden soň sebite goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini mälim etdi.

Benue welaýatynyň Agatu diýilýän ýerinde 16-njy iýulda guralan hüjümde bolsa 12 adam ýogalypdy.

Nigeriýa soňky wagtlarda ýurduň tapawutly sebitlerinde ýaragly toparlar bilen birlikde terror guramalary Boko Haram we DAIŞ-iň Günbatar Afrika şahasy bolan ISWAP-yň hüjümlerine sezewar galýar.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Nigeriýada Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Nyşana Alyndy
Nigeriýada Boko Harama agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy