Katsina welaýatynyň Polisiýa gullygynyň metbugat sekretary Abubakar Aliýu Sadik welaýatyň Maidabino obasynda motosiklli we ýaragly adamlaryň çem gelen ýere ot açandygyny habar berdi.
Sadik hüjümde 7 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Sebite goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini aýdan Sadik, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi.
Milli metbugatda hüjümde şeýle hem onlarça adamyň zamun alynandygy beýan edildi.