Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy

Şahsyýetleri entek anyklanyp bilinmedik ýaragly adamlar tarapyndan Benue welaýatynyň Katsina-Ala sebitinde ýaragly hüjüm guraldy.

Hüjümde 6 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy we ençeme adam zamun alyndy. Ýaragly adamlaryň sebitiň ýaşaýjylarynyň azyklaryny hem ellerinden aldylar.

Kaduna welaýatynyň Kajuru sebitindäki ýaragly hüjümde hem aralarynda bir zenan bolan jemi 6 adam ýogaldy.

Nigeriýa soňky wagtlarda ýurduň tapawutly sebitlerinde ýaragly toparlar bilen birlikde Boko Haram we ISWAP ýaly terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar galýar.

Beýleki tarapdan Nigeriýanyň ýaragly toparlara we terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde 50 sany täze harby uçar satyn aljakdygy aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Nyşana Alyndy
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy