Dikko-Maje ýolunda ýangyç daşaýan tankeriň partlamagy netijesinde 77 adam ýogaldy.
Partlamada şeýle hem 25 adam ýaralandy. Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndylar.
Niger welaýatynyň Dikko-Maje ýolunda düýn tanker uly tizlik sebäpli gözegçilikden çykyp, agdarylypdy.
Golaýdaky ýaşaýjylaryň ulagdaky ýangyjy boşaltmaga synanyşan mahaly ulagda partlama bolupdy, wakada köp sanda adam ýanyp ýogalypdy.